Ï Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany

view-icon 9883

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramakda, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de berkarar Watanymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini nazara alyp, karar edýärin:

Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu agzalaryna Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adyny dakmaly:

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, general-leýtenant Çarymyrat Kakalyýewiç Amanowa,

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, polkownik Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa,

Türkmenistanyň goranmak ministri, general-maýor Begenç Ataýewiç Gündogdyýewe,

Türkmenistanyň içeri işler ministri, polisiýanyň general-maýory Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewe,

Türkmenistanyň Baş prokurory, ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi Batyr Taganowiç Atdaýewe,

Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, ikinji hünär derejeli Guwançmyrat Atamyradowiç Ussanepesowa,

Türkmenistanyň milli howpsuzlyk ministri, polkownik Gurbanmyrat Kakamyradowiç Annaýewe,

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy — Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy, polkownik Ýazgeldi Bäşimowiç Nuryýewe,

Türkmenistanyň adalat ministri, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Begmurat Rahmangulyýewiç Muhamedowa,

Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy, polkownik Döwletgeldi Gurbangeldiýewiç Meredowa,

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, podpolkownik Maksat Agamyradowiç Hudaýkulyýewe,

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy, podpolkownik Bekmyrat Gurbanberdiýewiç Öwezowa.

Türkmenistanyň Prezidenti, 

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň  Belent Serkerdebaşysy 

Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW 

Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 3-nji marty.